• turkmeninvest@sanly.tm
  • +993(12) 48-19-23 / 48-19-28 / 48-19-38
  • Salgysy: 744036 Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly,32

"Türkmen maýa goýum kompaniýasy"
Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti



"Türkmen Maýa Goýum Kompaniýasy" ÝGPJ-ti


   "Türkmen maýa goýum kompaniýasy" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşykda göz öňünde tutulandyr.

   Bu Paýdarlar Jemgyýeti Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak hem-de ösdürilmegine gönükdirilen hususy pudagynyň taslamalara maýa goýumyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge maksady bilen döredildi. Agrosenagat işewürligi, gurluşyk harytlarynyň önümçiligi, himiýa senagaty, ýeňil senagat, syýahatçylyk, kiçi we orta işewürligi Paýdarlar Jemgyýetiniň esasy maksatlaýyn ugurlary hökmünde çykyş edýär.

 "Türkmen maýa goýum kompaniýasy" ÝGPJ-niň esaslandyryjylary Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasy bolup çykyş edýärler.

image
image

Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky barada


   Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda döredildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň yzysüre bankyň işläp başlamagy bilen, ilkinji işleriň hatarynda Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurdumyz özbaşdak döwlet hökmünde dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň gatnaşmaga girişdi. Bankyň döredilmeginiň esasy maksady ýurduň milli ykdysadyýetini düýpli özgertmek we ykdysady ösüşi üpjün etmek netijesinde giň möçberli maýa goýum maksatnamasyny durmuşa geçirmek bolup durýar.

 

Abu Dabiniň Ösüş Gaznasy


  Abu Dabiniň Ösüş Gaznasy http://www.adfd.ae ösüş taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini bermek arkaly ösýän ýurtlara ýardam etmek, şeýle hem bu ýurtlardaky taslamalara uzak möhletleýin maýa goýumlary goýmak maksady bilen 1971-nji ýylyň 15-nji iýulynda Abu Dabiniň (BAE) hökümeti tarapyndan döredildi. ADÖG ösýän ýurtlara ýeňillikli karzlar görnüşindäki maliýe kömeginiň, döwlet subsidiýalarynyň we paýnamalarynyň dolandyryşynyň hasabyna durnukly durmuş-ykdysady ösüşini gazanmakda kömek etmegi maksat edinýär. Şeýle hem, ADÖG alyjy ýurtlardaky hususy ulgamy ykdysady ösüş prosesiniň çaltlaşdyrylmagynda wajyp orny eýelemeklige hem-de şol bir wagtda Gaznanyň geljekki çeşmelerini berkitmekde we diwersifikasiýa etmekde esasy orny eýelemeklige höweslendirmek üçin maýa goýumlary göz öňünde tutýar.

image